Häzirki wagtda Ata Watanymyz Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň ençemesi, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy artdyrýar. Bu döwlet bilen söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamynda, ylym-bilim ulgamynda, oba hojalygynda we başgada geljegi uly bolan ugurlary ösdürmek babatynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Söwda-ykdysady ulgamda Hytaý Halk Respublikasy amatly ulag kommunikasion geçelgeleriň ugrunda ýerleşýär we dünýä bazarynda orny uludyr. Biziň ýurdumyz bilen hem ykdysadyýeti ösdürmek üçin uly we netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.
Hytaý Halk Respublikasy dünýäde tehnika tehnologiýanyň, innowasion tehnologiýalaryň öňdebaryjy ýurdy hökmünde tanalýar. Döwlet baştutanymyz: “Medeniýet, bilim we ylym, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şol sanda has öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion ylmy-tehniki taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi” diýip belläp geçýär.
Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda türkmen-hytaý gatnaşyklary häzirki wagtda has hem ösdürilýär. Muňa mysal edip hökümetara hyzmatdaşlyk esasynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetiniň wekilleri bilen 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde gulluk iş saparynda boldular. Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan ylmy-tehniki barlag işleriniň ýagdaýy barada we täze alnyp barylmaly ugurlar barada durulyp geçildi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ykdysady, syýasy, medeni, dost-doganlyk gatnaşyklaryň dünýä döwletleri bilen berkleşdirilmegi ýurdumyzyň ösmegine has hem itergi berer.
Mukam SEÝITNEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň
I ýyl talyby.
Teswirler