Metan zyňyndylaryny azaltmak meselesi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri ÝHHG tarapyndan metan zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda gözegçiliklere we ylmy barlaglara bagyşlanyp, 6-7-nji noýabrda geçirilen seminara gatnaşdylar. Iki günlük onlaýn çäräniň maksady ÝHHG agza döwletleriň metan zyňyndylaryny kesgitlemekde öňdebaryjy tejribesini hödürlemek we ölçemegiň degişli usullary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem gözegçilikleri geçirmek boldy.

Halkara bilermenler metanyň emissiýasynyň azaltmagyň netijelerine we mümkinçilikleri bahalandyrmaklyga aýratyn üns berdiler, şeýle hem metan zyňyndylaryny dolandyrmagyň tehnologik jähtleriniň üstünde durdular. Metanyň emissiýasyny kesgitlemek meseleleri, şeýle hem ölçemegiň we gözegçilik etmegiň usullary boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň karary bilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy.

Resminama daşky gurşawy goramak baradaky halkara borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça ýurtda Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmekde dünýäniň ösen döwletleri, abraýly halkara guramalar we iri kompaniýalar bilen giňden halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen kabul edildi.

Rozaý PIRNAZAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok