Katar suwuklandyrylan gazyň önümçiligini artdyrýar

Katar döwleti suwuklandyrylan tebigy gaz öndürmek boýunça özüniň kuwwatlyklaryny düýpli giňeltmäge taýýarlyk görýär. Suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça häzirki kuwwatlyklary 77 million tonna ýetýän ýurduň bu babatdaky mümkinçilikleriniň ýakyn ýyllarda 126 million tonna ýetirilmegine garaşylýar. Çaklamalara görä, bu öz gezeginde, energetika bazarynda uly özgertmelere getirer.

Dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegiň yzygiderli artýandygyny göz öňünde tutsaň, Katar döwletinde suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiliginiň artmagy netijesinde, ol bu islegi kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýetli çeşme bolup biler. Bu energiýa serişdeleriniň bazarynda isleg we teklip deňagramlylygynda üýtgeşmeleri döredip, bahalara özüniň täsirini ýetirer.

Geljegine uly umyt baglanylýan şeýle uly taslamalaryň durmuşa geçirilişinde hemişe bolşy ýaly, bellibir derejede kynçylyklara hem duş gelinýär. Şeýle taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda tehnologiýa, ekologiýa we syýasy ýagdaýlara bagly bolup biler. Mundan daşary, bäsdeşlige eýe energetika bazarynda üstünlikli iş alyp barmak üçin hödürlenýän hyzmatlaryň we durnuklylygyň ýokary hil derejesinde bolmagy wajypdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, Katar döwletiniň suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiligini giňeltmek boýunça meýilnamalary ýurduň energetika pudagynyň ösüşine özüniň täsirini ýetirer.

Nursähet DÖWRANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok