Kakadylan miweleriň peýdasy

Kakadylan miweleriň adam bedenine oňyn täsiri olaryň öz düzüminde witaminleri, mikroelementleri, antioksidantlary, biologik taýdan işjeň maddalary ter miwelerdäkä seredende köp saklaýandyklary bilen baglydyr. Sebäbi guradylanda miweler peýdaly maddalar bilen täzeden baýlaşýar. Daşarda guradylan bolsa Gün şöhlesiniň täsiri bilen olaryň düzümindäki witaminleriň, mineral duzlaryň, antioksidantlaryň mukdary has-da artýar. Kakadylan miweler bedende turşulyk, aşgarlyk deňagramlylygynyň saklanylmagyny üpjün edýär, iýmit siňdiriş mäzleriniň işjeňligini gowulandyrýar. Mundan başga-da, olaryň her bir görnüşi özüne mahsus bolan peýdaly täsire eýedir. Meselem, kişmişiň 100 gramynda adam bedeniniň gündelik talap edýän demriniň mukdarynyň, takmynan, dörtden bir bölegi, 750 mg kaliý, şeýle hem köp mukdarda kalsiý, magniý, sink, mis we beýleki mikroelementler saklanýar. Munuň özi bu önümi ganazlygyň, ýürek-damar keselleriniň öňüni almak we olaryň bejergisiniň täsirini artdyrmak maksady bilen ulanmaga mümkinçilik berýär. Kişde immuniteti pugtalandyrýar, endamdaky artykmaç suwuklyklary çykarýar, içegeleri arassalaýar. Hirurgiýa operasiýany geçiren syrkawlara saglygyny çalt dikeltmek üçin her gün kişde iýmek maslahat berilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, kakadylan miweleri gury çüýşe gaplara salyp, agzyny berk ýapmaly hem-de gury we salkyn ýerde saklamaly.

Merjen MUHAMMETMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok