Dubaýda ýerleşýän Dizaýn we innowasiýa institutynyň talyby Mazýar Etehadi «A’seedboot» atly roboty ýasady. Bu robot uç-gyraksyz çölde ekin ekip boljak ýerleri anyklap, şol ýerlerde agaç tohumlaryny ekýär. Etehadiniň roboty «Global Grad Show» habar beriş serişdesi arkaly tanyşdyryldy.
Mazýar Etehadi CNN teleýaýlymyna beren interwýusynda dünýäniň köp bölegini çölüň tutýandygyny nygtap, bu robot arkaly geljekde şol çöllük ýerleri tokaýlyklara öwrüp boljakdygyny, bu ugurda onuň özüniň iş alyp barýandygyny mälim etdi.
Etehadiniň ýasan roboty kän bir uly bolman, ol hereket etmek üçin gerek bolan energiýany arkasyna ýerleşdirilen Gün panellerinden alýar. Ol günuzyn batareýasyny kuwwatlandyryp, bütin gijäniň dowamynda işläp bilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, roboty döreden Mazýar Etehadi geljekde bu pikiriniň we robotynyň bütin dünýäde ýaýrajakdygyna bil baglaýar.
Döwran BEGLIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler