Älem giňişliginde (kosmosda) ekilen ilkinji ekin

Gündelik iýmitiň arasynda, megerem, ýeralma ilkinji orunda durýan bolsa gerek. Çünki ýeralma naharlaryň köpüsine goşulýar, onuň özünden aýry-aýry tagamdyr işdäaçarlary taýýarlap bolýar. Dürli halklaryň arasynda ýeralma «ikinji çörek» hem diýilýär. Bilermenler muny ýeralmanyň iýmitlik gymmatlygynyň ýokary derejededigi bilen esaslandyrýarlar. Ýagny ortaça ululykdaky ýeralmada 110 kaloriýa bar. Şeýle-de bu önüm dürli witaminlere, minerallara, krahmala baýdyr.

Gündelik iýmite goşulan ýeralma bedeni kaliý, fosfor, magniý, kalsiý bilen üpjün eder. Ýeralmada krahmal bolansoň, ondan taýýarlanan tagamlar çalt siňýändigi hem-de çalt doýurýandygy bilen hem tapawutlanýar. Onuň foliý kislotasynyň möhüm çeşmesidigini hem bellemeli. Ýeralmanyň düzüminde kaliý mineral duzunyň köp bolmagy böwrek hem-de ýürek keselleri bilen nähoşlan adamlara berhizlik naharlar düzülende göz öňüne tutulýar. Onuň düzümindäki kaliý aýrylmaz ýaly, gabygy bilen buglap iýmek maslahat berilýär. Ter ýeralmadan alnan şire aşgazanda baş döreme kesellerinde hem kesel bejeriş serişdesi hökmünde ulanylýar.

Ýeralma askorbin kislotasyna hem-de beýleki witaminler toplumyna baýdyr. Bu bolsa dürli keselleriň, dartgynly ýagdaýyň emele gelmeginiň öňüni almaga, adam bedeniniň immun ulgamynyň berkemegine ýardam edýär. Ýeralmadaky belok çalşyryp bolmajak aminokislotalara baý bolup, olar adamyň bedeniniň agzalarynyň kadaly bolmagy üçin zerurdyr. Ýeralmany gabygy bilen bişirmek, buglamak ýa-da howurpeçde bişirmek has peýdalydyr. Şeýle usullarda bişirilen ýeralmanyň witaminleri dargamaýar.

Ýeralmany günde-günaşa gowrup iýmekden saklanmalydyr. Häzirki döwürde ýeralmadan taýýarlanan çipsy önümleri hem meşhurdyr. Bu önümleri dürli goşundylar goşulýandygy hem-de öte ýagly bolandygy sebäpli az ulanmalydyr. Ilkinji çipsyny 1853-nji ýylda Nýu-Ýorkda hindi aşpeziniň taýýarlandygyny bilmek gyzykly bolsa gerek. Şeýle-de ýeralma 1995-nji ýylda älem giňişliginde (kosmosda) ekilen ilkinji ekindir.

Arzygül BOZAGANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
hindi dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok