Ýumurtganyň peýdasy

Ýumurtga örän peýdaly önüm. Ol özünde birnäçe peýdaly zatlary jemleýär. Ýumurtganyň adam bedenini arassalap bilmek ukyby bar we ondan holesterini, ýagy hem-de beýleki zyýanly zatlary bölüp çykarýar. Ýumurtganyň agy bolsa, myşsalar üçin iň gowy “gurujy material” bolup hyzmat edýär.

Ýumurtga – iýmitlendiriji mikroelementleri we maddalary özünde jemleýän özboluşly iýmit. Onuň belogynyň özüniň peýdasy boýunça balygyňkydan we etiňkiden öňe geçýändigini bilýän az-azdyr. Ýumurtgada nerw merkeziniň işine oňaýly täsir edýän ýarym witamin holin, şeýle-de özüniň antioksidantlary bilen tanalýan selen we lýutein saklanýar. Ýumurtga göreje gowy täsir edýär we kataraktanyň hem-de gözde ýaşyň ulalmagy bilen bagly bolup geçýän üýtgeşmeleriň öňüni alýar.

Lukman-dietologlaryň sözlerine görä, ýumurtga iýmek artykmaç agrama garşy göreşmäge ýardam edýär. Çünki ol adamy uzak wagtyň dowamynda dok saklaýar. Iýmitiň düzümine girýän E witamini gan aýlanyş damarlarynyň we ýürek sistemasynyň saglygyna gözegçilik edýär, A witamini immunitetiň işine jogap berýär, D witamin dişiň we süňküň üçin peýdaly. Ýumurtga organizmi energiýa bilen doldurýan proteine baý. Şonuň üçin ony ähli türgenleriň rasionyna goşmagy maslahat berýärler.

Ýumurtganyň ýokary derejeli holesterin sebäpli saglyga zyýan ýetirip bilýändigi barada hem pikir bar, ýöne ol örän jedelli. Köp dietologlar ony irdenki rasiona goşmagy we witaminleriň uly möçberini, şeýle-de kalsiýni, fosfory, sinki we demiri saklaýan ýumurtga sarysyndan gorkmazlygy maslahat berýärler. Bularyň ählisi saçyň, dyrnaklaryň we deriniň ýagdaýyna oňaýly täsir edýär.

Selbi ARAZGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty
hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok