Oba hojalygynda gyzgalaňly möwsüm dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary netijesinde oba hojalygynda amala aşyrylýan belent özgertmeler köňüllerde çäksiz buýsanjy goşalandyrýar. Çünki ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň pudaklaýyn düzümleri tehniki taýdan enjamlaşdyrylyp döwrebaplaşdyrylýar. Toplumyň çäginde täze özleşdirilýän ekerançylyk maksatly ýerler üçin suw hojalyk desgalary yzygiderli gurulýar, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Netije­de, top­lu­my in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki taý­dan üp­jün et­mek me­se­le­le­ri tä­ze­çil usul­da çö­zül­ýär, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň su­wa­ryş ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne, to­hum­çy­ly­gyň we bu ug­ra de­giş­li yl­my bar­lag­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne köp muk­dar­da ma­li­ýe se­riş­de­le­ri goý­be­ril­ýär. Oba ho­ja­lyk ul­ga­my­ny san­ly­laş­dyr­mak, ýer­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň tä­ze­çil usul­la­ry­ny, öň­de­ba­ry­jy ag­ro­teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň, daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň we beý­le­ki önüm ön­dü­ri­ji­le­riň gir­de­ji­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ag­ro­se­na­gat top­lu­my­na san­ly ul­ga­my­ny hem-de ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň or­naş­dyr­mak, pu­dak­da hu­su­sy­ýet­çi­le­riň eýe­le­ýän or­nu­ny yzy­gi­der­li art­dyr­mak hem he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­lan­ýar. Munuň özi her bir oba hojalyk möwsüminiň gyzgalaňly, üstünlikli ýagdaýda alnyp barylmagyna, bereketli hasylyň ýetişdirilmegine mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýan şaly oragynyň bellenilen möhletlerde geçirilmegine uly üns berilýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da mö­hüm bolan bu oba ho­ja­lyk möw­sü­minde şaly orujy tehnikalary abatlamak maksady bilen göç­me us­sa­ha­na­lar, ze­rur en­jam­lar we ýan­gyç da­şa­ma­ga ni­ýet­le­nen aw­tou­lag­lar bi­len üp­jün edil­di. Şaly ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de oba ho­ja­lyk äh­mi­ýet­li ýer gaz­na­syn­dan ýer bö­lek­le­ri­ni alan hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­r hem ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak­da ýyl-ýyl­dan iş­jeň­lik gör­kez­ýän­dik­le­ri­ guwandyryjydyr. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri we ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän şalyçylyk ugry oba­se­na­gat top­lu­my­nyň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­ bolup çykyş edýär. Bu pu­dak­da giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi esa­syn­da oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­ýar, azyk bolçulygy üpjün edilýär. Biz hem, edermen daýhanlarymyza harmanyňyza bereket, ýy­ly­ňyz rys­gal­ly bol­sun diýýäris!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok