Ýurt Garaşsyzlygy bilen däp-dessuryna, milli mirasyna eýe bolan agzybir halkymyz her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde döwlet derejesinde Hasyl toýuny belläp geçýär. Ýurdumyzyň agrosenagat pudagynyň zähmetkeşleri Hasyl toýuny mynasyp zähmet ýeňişleri, üstünlikli netijeler bilen garşylamak üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.
«Ýazky hereket — güýzki bereket» diýen pähimi döreden babadaýhan pederlerimiziň nesilleri bu toýa topraga eden yhlasyna, döken maňlaý derine laýyk hasyly bilen gelýärler. Çünki bu toý — daýhanyň hereketiniň berekede, alyn deriniň göwher-düre öwrülmeginiň toýy. Bu toý — daýhanlaryň «jüýje sanaşýan» toýy. Bu toý — bolçulygyň we agzybirligiň toýy. Bu toý — edermen daýhanlarymyzyň çekýän halal zähmetine döwletimiziň belent hormat-sarpasynyň toýy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tutuljak Hasyl toýunyň dabarasy şu günler tutuş Diýarymyzy gurşap aldy. Oba hojalykçy kärendeçi telekeçilerimiz, daýhanlarymyz bu toýa uly zähmet sowgatlary bilen geldiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen obasenagat toplumyna hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullarynyň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy hasyllylygyň ep-esli ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri döretdi.
Bu günki gün bereketli topragymyzda nusgawy şahyrymyz Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» diýen şygrynda «Otuz iki tohumnyň şasydyryn men» diýip, özüni ekinleriň iň ähmiýetlisi hasaplaýan gowaçadan başga-da bugdaý, şaly, jöwen, mekgejöwen, noýba, mäş, künji ýaly däneli ekinleriň; gawun, garpyz, hyýar, pomidor, kädi ýaly bakja önümleriniň; erik, alma, alça, garaly, saraly, şetdaly, armyt, nar, ülje, üzüm ýaly miweleriň ýüzlerçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Bulardan başga-da, Diýarymyzyň günbatar welaýatynyň käbir sebitlerinde, şeýle hem birnäçe telekeçileriň ýyladyşhanalarynda häzirki döwürde subtropik howaly ýerlerde bitýän limon, hurma, zeýtun, hatda banan ýaly agaçlaryň hem ençeme görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilýändigini bellemek gerek. Şeýle bolansoň, indi olaryň miweleriniň köpüsi öz topragymyzda öndürilip, Hasyl toýlarymyzyň bereketli desserhanyny bezeýär.
Süleýman GURBANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler