Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhynda Halk Maslahaty diýen düşünjäniň ýörgünli bolandygyny hemmämiz bilýäris. Halk Maslahaty Berkarar döwletimizi berkitmegiň berk binýatlaryny döretmegiň iň esasy syýasy-jemgyýetçilik gurallarynyň birine öwrüldi. Milli demokratiýanyň ýurduň syýasy durmuşynda möhüm hereketlendiriji güýje öwrülmeginde Halk Maslahatynyň mejlisleriniň aýratyn orny bardyr.
2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Bu bolsa ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolundaky täze möhüm tapgyry bolup durýar.
Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wajyp meselelerini öz içine alýan maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalarynyň, Mejlisiň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, şeýle hem, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän döwletli tutumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Häzirki taryhy döwürde bu demokratik däpler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orny eýeläp, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, agzybir we jebis halkymyzyň milli gymmatlyklaryna we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlylygyň aýdyň beýanyna öwrülýär.
Bibi ALLANAZAROWA,
Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap
Halk Maslahatynyň agzasy.
Teswirler