Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti geçiriler

Şu ýylyň 8-9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti geçiriler. Bu sammite Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýokary derejedäki sammitiň gün tertibine laýyklykda söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag, aragatnaşyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygy guramanyň çäginde has-da giňeltmek, şeýle hem bu köptaraplaýyn gurluşyň işini pugtalandyrmak meselelerine serediler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin ykdysady guramadyr. Ol Eýranyň, Pakistanyň hem-de Türkiýäniň arasynda 1977-nji ýylyň 12-nji martynda gol çekilen Izmir şertnamasyna laýyklykda döredilen ösüş üçin ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň hukuk oruntutarydyr. 1992-nji ýylda bu guramanyň agzalygyna 7 täze döwlet goşuldy. Olar – Gazagystan, Azerbaýjan, Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.

Mergen GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok