TNGIZT-de iki sany gaz turbina desgasy ulanyşa girizler

Balkan welaýatynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasy ulanyşa girizler.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işjeňligini ýokarlandyrmak, zawodyň degişli desgalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň açylyş dabarasy ýokary derejede geçiriler.

Täze desgalar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň iň iri desgasynyň täze kuwwatlyklaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwran ÝAZLYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok