«Sibir elektrotehniki zawody» Türkmenistanda serwis merkezini açmagy meýilleşdirýär

«Sibir elektrotehniki zawody» Türkmenistanda serwis merkezini açmagy meýilleşdirýär. Bu meýilleri barada Nowosibirskiden «Sibir elektrotehniki zawody» ÝGPJ-niň umumy meseleler boýunça baş direktorynyň orunbasary Andreý Ýekimow 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2023) halkara forumynda belläp geçdi.

Soňky birnäçe ýylyň içinde bu zawod «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwlet düzümleri we hususy kompaniýalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Sibir elektrotehniki zawody» elektrik enjamlaryň abatlaýyş işlerine, senagat maşynlarynyň gurnamak işlerine, senagat we partlama garşy durnukly elektrik hereketlendirijileriň, generatorlaryň we transformatorlaryň önümçiligine ýöriteleşendir. 2004-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän bu kärhana häzirki wagtda önümlerine dünýäniň birnäçe ýurtlaryna, şol sanda Wenesuela, Hindistana, Hytaýa eksport edýär.

Muhammet BATYROW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok