Haýsy plastik gaplary ulanmak maslahat berilmeýär

Sintetiki polimer materiallaryň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda, iýmit önümlerini öndürýän pudaklarda ulanylmagy önümçiligi mehanizmleşdirmäge we awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, azyk senagatynyň, gaplanylyş tehnikasynyň ösmegine, söwda medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Ýokary tehniki-ykdysady netijeliliginiň hasabyna, azyk senagatynyň dürli pudaklaryna ornaşdyrylýan polimer materiallaryň görnüşleri we mukdary gün-günden artýar. Şonuň bilen birlikde, bu materiallar kähalatlarda azyk önümleriniň hiline we adamlaryň saglygyna ýaramsyz täsir etmäge ukyply himiki maddalaryň daşky gurşawa geçmeginiň mümkinçiligini hem şertlendirýär.

Alymlar birnäçe tejribe işlerini geçirip, plastigiň haýsy görnüşleriniň iýmit önümleri üçin ulanylmaga, haýsy görnüşleriniň bolsa, senagat önümçiliginde ulanylmaga ýaramlydygyny kesgitlediler we şol esasda şulary maslahat berýäris. Iýmit önümlerini gaplamakdan ýa-da iýmit bilen galtaşýan gaplary satyn almazdan we ulanmazdan ozal, olaryň ýüzündäki bellikleri üns berip öwreniň, ýüzünde belligi bolmadyk plastik gaplar olaryň düzüminiň, taýýarlanyş tehnologiýasynyň, galyberse-de, belgileniş şertleriniň berjaý edilmändigini görkezýär hem-de beýle gaplar ulanylan ýagdaýynda adam bedeni üçin zyýanly bolup biler. Suwdan ýa-da beýleki içgilerden boşan, bir gezek ulanylýan gaplary köp gezek ulanmak saglyk üçin zyýanlydyr. Sebäbi, bular durnuksyz materiallardan ýasalýar we olary doly ýuwup, arassalamak mümkin däl. Ulanan plastik çüýşeleriňizi täzeden işlemek üçin tabşyrmagy unutmaň. Iýmit önümleriniň önümçiligi üçin howply bolan 3 we 6 belgili plastik gaby ulanmak maslahat berilmeýär.

Sähra BÄŞIMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok