Ekologiýa abadançylygy — bagtyýar ýaşaýşyň rowaçlygy

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak hem-de olary geljek nesillerimize ýetirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasaty bagtyýar zamanamyzyň ösen talaplaryna kybap gelýär. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda «akylly» şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheriniň töwereginde ählihalk bag ekişlik dabarasyna badalga berilmegi-de aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda güýzki bag ekişlik möwsümine badalga berilmegi bilen bu asylly işlere ilatymyzyň köpsanlysy agzybirlik bilen gatnaşdylar. Şeýlelikde, bu möwsümde Aşgabat şäherinde pürli we saýaly bag nahallarynyň 31 müň 50 düýbi, Ahal welaýatynda bag nahallarynyň 4 müň düýbi, şol sanda miweli baglaryň we üzümiň 10 müň 200 düýbi, saýaly we pürli agaçlaryň 38 müň 250 düýbi, Balkan welaýatynda agaç nahallarynyň 15 müň 280-si, ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda pürli we beýleki agaç nahallarynyň 64 müň düýpden gowragy, gadymy Lebap topragynda dürli agaçlaryň 4 müň düýbi, pürli, saýaly we miweli agaçlaryň 90 müň düýpden gowragy, Mary welaýatynda bolsa bag nahallarynyň 44 müň düýbi oturdyldy.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan bu asylly işler hem daşky gurşawyň we tebigatyň ygtybarly goralmagyna, geljekki nesillere ýetirilmegine oňyn şert bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigatymyza bolan söýgüsiniň artmagyna uly itergi berýär. Şu gezekki güýzki bag ekmek dabaralary hem halkymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyna we beýik ösüşlerine uly ruhubelentlik, zähmetsöýerlik bilen özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Tebigatyň gözelligine gözellik goşýan ýaşyl zolaklary döretmekde, ekologiýa arassalygyny gazanmakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir.

Mergen ÝOLOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok