Durian — malwalar maşgalasyna degişli bolup, onuň 30-a golaý görnüşi bar. Bu ösümlige günorta-gündogar Aziýadaky ýagyşly, tropiki tokaýlarda duş gelmek bolýar. Ol daşky görnüşi uly, gowşak şahalanýan, mydama ýaşyl öwüsýän, uly kökli, ýönekeý ýaprakly agaç. Gülleri ak ýa-da gyzyl reňkde bolýar. Iri şahalarda ýerleşýän gülleri gije açylýar. Durianyň miwesiniň gabygy gaty we iri, berk tikenler bilen örtülen. Ýerli halklar tarapyndan bu ösümlige «Daşy möjek, içi jäjek» diýilýär.
Durianyň miwesiniň diňe bir goranmak üçin tikenleri bolman, eýsem, ýiti, ýakymsyz ysy hem bolýar. Daşky keşbi we ysy boýunça durianyň miwesi halanmaýar. Emma etlek miwesi tagamy boýunça Aziýadaky miweleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Şonuň üçin hem bu ösümlige «Aziýadaky miweleriň şasy» hem diýilýär. Onuň miwesi iýlende, hozuň, peýniriň, bananyň, mangonyň, ananasyň, hurmanyň, ýertudanasynyň, buz gaýmagyň, papaýanyň (gawun agajynyň miwesiniň) tagamlaryny berýär. Mundan başga-da, onuň miwesi awokadonyň miwesi ýaly ýumşak we ýagly bolýar.
Durianyň miwesiniň gabygy aýrylmadyk ýagdaýynda, ondan ýumurtganyň, soganyň, zaýalanan balygyň ysy gelýär. Durianyň miwesini myhmanhanalara, dükanlara we uçarlaryň ýa-da awtobuslaryň kömegi bilen beýleki ýerlere alyp gidip bolmaýar. Sebäbi onuň ýakymsyz ysy birnäçe günläp aýrylmaýar. Şonuň üçin diňe guradylan we gaplanan görnüşlerde eksport edilýär. Durianyň ösýän çäkleri ýörite gözegçiler tarapyndan goralyp saklanýar. Ösümligiň miwesinden mürepbe, kemput taýýarlanylýar. Onuň tohumyndan nahara atylýan jazlar, etlek miwesinden ýakymly ysly diş ýuwulýan serişdeler taýýarlanylýar. Durianyň miwesiniň düzüminde kalsiý, magniý, sink, A, B, C witaminler bar. Ýerli halklar durianyň miwesini ýagda gowrup, durian çipsilerini hem taýýarlaýarlar.
Jumagözel ÖWEZLIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler