- Adam adatça bir günde 2-3 litr suw ýitirýär. Yssy howada, ýokary çyglylykda, sport bilen meşgullanylanda, suw has hem köp sarp edilýär. Bir günüň dowamynda hatda adamyň demi bilen ýarym litr suwuň çykýandygy anyklanandyr.
- Tomus paslynda adam gündelik 2-2,5 litr suw içmelidir. Ýeriň yssy guşaklyklarynda bir gije-gündiziň dowamynda 3,5-5 litr suw, pes çyglylykly açyk howada işleýänlere bolsa, 6-6,5 litr suw zerurdyr.
- Uly adamyň bir gije-gündiziň dowamynda sarp etmeli suwunyň möçberi onuň agramynyň her kilogramyna 30-40 gramdan düşmelidir.
- Adamyň bedenindäki suwuň mukdary onuň agramynyň 50-80 göterimine, şol sanda täze doglan bäbejiklerde 86, ýaşy durugşan adamlarda 50 göterimine barabardyr.
- Beden agzalaryndaky suwuň mukdary barada aýdanymyzda, ganyň 85, böwrekleriň 82, beýniniň 75, myşsalaryň 70, bagryň 69, süňkleriň 20-30 göterimi suwdur.
- Balygyň 34, meduzanyň 99, ýeralmanyň 76, almanyň 85, pomidoryň 90, hyýaryň 95, garpyzyň 96 göterimi suwdan ybaratdyr.
Aýbölek HOJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.
Teswirler