Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda energetika pudagyna örän uly üns berilýär. Muňa mysal edip Hormatly Prezidentimiziň tagallay bilen energetika we durmuş maksatly desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi, täze elektrik stansiýalaryň ulanylmaga berilmegi bellärliklidir.
Ýaňy ýakynda ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy. Bu elektrik stansiýasynyň gurluşygyndan başgada ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika pudagynyň ösdürmegiň çäklerinde Mary – Ahal asma elektrik geçirijisini gurulyp ulanylmaga bermeklige taýýarlyk görülýär.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda guruljak elektrik stansiýasyny Türkiýanyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş” kompaniýasy gurar.
Bu elektrik stansiýasy ýurdumyzda hereket etjek ikinji uly gaz we bug bilen işleýän elektrik desgasy bolar. Ýurdumyzda şeýle elektrik stansiýalarynyň gurulyp ulanylmaga berilmegi elektrik energiýasy pudagynyň ösmegine, daşary ýurtlara eksport etmeklige ýene-de goşant goşjakdygyna şaýatlyk edýär.
Bu desganyň gurluşygyna 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga taýýar etmek göz öňünde tutulýar.
Nurgeldi Nurgeldiýew,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň IV ýyl talyby.
Teswirler