Berkarar Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan asylly işler Türkmenistan Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkidilýändiginiň, ýurdumyzyň «Döwlet adam üçindir!» şygary astynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatynyň ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr. Milli ykdysadyýetiň kuwwatly ugry bolan oba hojalyk pudagynyň ösmegine uly üns berilýär. Oba hojalygynda düýpli özgertmeleriň dowam edýän döwründe ulgamyň kuwwaty artýar. Pudagyň häzirki zaman önümçilik hem-de hyzmat düzümini döretmek, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak şol özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr.
Merdana halkymyzda «Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýilmegi ýönelige däl, çünki biziň bereketli türkmen topragymyz yhlasly, halal zähmetini gaýgyrmaýan her bir ynsana öz rysgal-berekedini sahylyk hem bolluk bilen eçilýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynda uly özgertmeleriň amala aşyrylýan günlerinde gyzgalaňly möwsüm bolan pagta hasylyny üstünlikli ýygnamaklyk dowam edýär. Bu bereketli ak altyny ýygnamagy dolandyrmagy we özgertmegi kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biridir. Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan pagta süýümi milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga doly mümkinçilik berýär. Täzeçil tehnologiýa esaslanýan häzirki zaman önümçiliginiň guralyşynda pagta süýümi Türkmenistan ýurdumyzyň dokma senagaty üçin örän gymmatly çig mal hasaplanýar. Dokma önümleri dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagatynyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebap ýagdaýa getirilýär. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Şonuň netijesinde, içerki we daşarky bazarlar üçin dürli görnüşli önümleri öndürmek ýola goýulýar. Ekologiýa taýdan arassa önüm bolan pagta süýümi dokma önümçiliginde giňden ulanylýar. Bu bolsa türkmen topragynda öndürilýän «ak altynyň» — milli baýlygymyzyň gymmatlydygyny görkezýär. Alnyp barylýan şeýle oňyn işler ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine giň ýol açýar.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.
Teswirler