Hasyl toýy – bolçulygyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde döwletimiziň oba hojalyk ulgamynda giň gerimli işlere badalga berilýär. Kuwwatly pudak bolan oba hojalygyny doly derejede sanlylaşdyrmak, takyk ekerançylyk ulgamyny ýola goýmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, düşewüntliligi artdyrmak bilen obasenagat toplumyny ýokary depginler bilen ösdürmek babatda möhüm çäreler görülýär. Oba hojalyk toplumy azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi, halkymyzyň abadan hem bolelin, bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglydyr.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň üstünliklere beslenýän her güni toýdur-baýramlar bilen utgaşýar. Eziz Diýarymyzda her ýyl uly dabara beslenýän Hasyl toýy uly ruhubelentlik bilen garşylanýar. Rysgal-berekediň, bolçulygyň toýy hökmünde giňden bellenilýän Hasyl toýy edermen daýhanlarymyzyň çekýän irginsiz zähmetine, döwletimizde bu Oba ilatynyň öndürijilikli, halal zähmet çekmegi, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertleriň döredilmegi göwünleri galkyndyrýar. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, häzirki zaman oba hojalyk enjamlary, organiki hem mineral dökünler, arassa we ýokary hilli tohumlar bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy eziz ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegi üçin pugta binýady döretmekde möhüm esas bolup çykyş edýär.

Halkymyzyň ekerançylyk medeniýetini barha kämilleşdirip, häzirkizaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrmakda zerur çäreler ýerine ýetirilýär, önüm öndürijiler bilen maliýe hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bu şertleriň ählisi bolsa hasyl ussatlaryny, ýer eýelerini, edermen daýhanlary uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar, oba hojalyk pudagynyň mundan beýläk-de batly depginler bilen ösmegine mynasyp goşantlaryny goşmaklyga borçlandyrýar. Biz hem, bolçulygyň toýy bolan Hasyl toýy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok