Dünýäniň iň şadyýan jandary

Täsin we özboluşly jandarlaryň biri hem kwokkadyr. Kwokka ady bilen tanalýan bu täsin jandara adatça Awstraliýa yklymynda gabat gelmek bolýar. Ol, esasan hem, adalarda ýaşamaga uýgunlaşandyr. Kwokka jandary barada aýdanymyzda, onuň ortaça agramy 2,5 — 5 kilogram aralygynda bolup, boýy 40 — 54 santimetre barabardyr. Göräýmäge kenguru jandaryna meňzeýändigine garamazdan kwokkalar kiçiräk agaçlara dyrmaşmaga ukyplydyr. Olar 2 metr beýiklige çenli dyrmaşmagy başarýar. Alymlaryň bellemeklerine görä, olar ortaça 10 — 15 ýyl ýaşaýar. Kwokkalar köplenç gündiz ýatyp, gijelerine hereketde bolýar. Olar gök otlar, ýapraklar we dürli ösümlikler bilen iýmitlenýär. Gök otlar bilen iýmitlenýändigine garamazdan, bu jandarlar suwy ýygy-ýygydan içýär.

Kwokkalar dünýäde iň şadyýan jandar hasaplanýar. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu täsin jandarlara 1600-nji ýyllardan bäri duş gelinýär. Kwokkalaryň watany Awstraliýanyň Rottnest we Bold adalary hasaplanýar. Bu ýere dünýäniň iň şadyýan jandaryny görmäge gelýän jahankeşdeleriň sany barha artýar. Onuň ýylgyryp duran nurana ýüzi, gülküli hereketleri syýahatçylaryň göwnüni göterýär. Kwokkalar käbir goraghanalarda goralyp saklanylýar we olaryň sanyny köpeltmek ugrunda goraghananyň hünärmenleri birnäçe ylmy-barlag işleri alyp barýarlar.

Zarina BABAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
pars dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok