Aşgabat şäheri ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Aşgabat şäheri BMG-niň ylym, bilim we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň bütindünýä döredijilik şäherleri torunyň “Dizaýn” ugry boýunça sanawyna girizildi.
ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azuleniň nobatdaky çykyşy esasynda medeni ugurda ösüşe ýokary derejeli goldaw berýän 54 sany şäherler torlaryň hataryna girizildi.
Belläp geçsek, “UCCN” diýlip atlandyrylýan bu guramanyň düzüminde 350-den gowrak şäherler bar. Döredijilik şäherleri tory dünýäniň medeni ugurlaryny kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Şol sanda bu guramanyň hataryndaky şäherler «Senetçilik we halk döredijiligi», «Dizaýn», «Film sungaty», «Tagam taýýarlamak sungaty», «Edebiýat», «Mediýa» we «Aýdym-saz» ýaly bölümleri öz içine alýar.
Şol sanda, däp boýunça her ýyl geçirilýän ÝUNESKO-nyň her ýylky konferensiýasy 2024-nji ýylda Portugaliýada geçiriler. Geçiriljek ýyllyk konferensiýanyň esasy temasy “Geljekki on ýylda ýaşlary gepleşikler stolunyň başyna getirmeklige” bagyşlanar.

Kerwen BABAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok