Ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew aradan çykdy

Şu gün ýagny, 5-nji noýabrda halypa ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew aradan çykdy.

“InAshgabat” portalynyň redaksiýasy Kömek Kulyýewiň ýakyn dogan-garyndaşlaryna uly gynanç bildirýär. Goý, halypanyň jaýy jennetden bolsun!

Kömek Kulyýew barada durup geçsek..

Kömek Kulyýew 1955-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda dogulýar. Ýazyjy 1977-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Halypa ýazyjy Türkmen döwlet uniwersitetini gutaryp-gutarmanka, «Edebiýat we sungat» gazetine işe çagyrylýar. Şeýle hem ýazyjy şol döwürde gazetleriň hem-de žurnallaryň redaksiýalarynda şeýle-de Türkmen telewideniýesinde işleýär.

Kömek Kulyýew edebiýata ilki “Dost gözleginde” atly hekaýa bilen girýär. Ýazyjy, dramaturg “Göroglynyň sawçylary”, „Göroglynyň döreýşi“, “Galkynan göwünler”, “Janly gurjaklar” atly sahna eserlerini goýýar. Şeýle hem Kömek Kulyýewiň şol döwürler “Sen ýadyma düşseň…”, “Düýeguş”, “Täze ýyl ertekisi” atly döreden gysga göwrümli filmleri teleýaýlymlarda efire berilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok