Türkmenistanda gowaçanyň täze sorty döredildi

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleri hem şu ugurda özlerine döredilýän giň şertler esasynda gözlegli we döredijilikli zähmet çekip, gowaçanyň ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmek üçin ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Olar öz işlerinde seleksiýada kabul edilen, has kämil usullardan giňden peýdalanýarlar. Şeýlelikde, yzygiderli, netijeli gözlegler esasynda ylmy-önümçilik merkezinde gowaçanyň «Ýolöten — 42» sortunyň populýasiýasyndan ýekebara seçgi esasynda saýlanylyp alnyp, gowaçanyň täze inçe süýümli «Ýolöten — 58» sorty döredildi.

Gowaçanyň täze sorty bu merkeziň gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň kiçi ylmy işgärleri Muhammetrahym Meredowyň hem-de Abadan Akyýewanyň bilelikdäki awtorlygynda döredildi. Ol Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda indi birnäçe ýylyň dowamynda alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň miwesidir.

Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 58» sorty deňeşdirilýän nusgawy sort bolan inçe süýümli «Ýolöten — 14» sorty bilen üç ýylyň dowamynda geçirilen synag bäsleşiginden üstünlikli geçdi. Ylmy işgärleriň aýtmaklaryna görä, özboluşly häsiýetli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan täze sortuň hasyllylygy her gektardan 33,2 sentner bolup, gowaçanyň nusgawy «Ýolöten — 14» sortundan 2,1 sentner köp hasyl berýär.

Täze sort deňeşdirilýän sortdan hasyllylygynyň ýokarylygy bilen birlikde süýüminiň çykymynyň ýokarylygy, uzynlygy, inçeligi, berkligi babatda hem artykmaçlyga eýedir.

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok