Silindr görnüşindäki akwarium

Silindr görnüşindäki bu akwarium Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherindäki bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň birinde ýerleşýär. Ol dünýäde silindr görnüşindäki iň uly akwariumdyr. Beýikligi 25 metr, diametri 11 metr bolan akwarium bir million litr deňiz suwy bilen doldurylandyr. Onda derýalardan, ummanlardan we köllerden getirilen balyklaryň 2600-den gowragy we beýleki deňiz jandarlarynyň, suwotularyň ençemesi bar.

Akwariumyň gurluşy barada aýdylanda, ol ýörite akril aýnasyndan edilendir. Bu material ýokary basyşa çydamly bolup, öz-özünden ýagtylyk bermäge ukyplydyr. Akwarium aýna liftiň daşyna edilendir. Şonuň üçinem bu ýere gelýänler balyklaryň täsin hereketlerini, deňiz dünýäsiniň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik alýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, suwa çümüjiler balyklary iýmitlendirmek üçin akwariumyň has çuňluklaryna aralaşmaly bolýarlar.

Döwletmyrat BAÝRAMDURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok