Kiwiniň peýdasy

Kiwi iýmit süýüminiň, foliý turşusynyň, C we E witaminleriniň, antioksidantlaryň we beýleki peýdaly maddalaryň çeşmesidir. Kiwi bir banan bilen deň mukdarda kaliý saklaýar. Şonuň üçin bu miwe uly ýaşdaky adamlar üçin peýdalydyr, sebäbi kaliý ýürek-damar ulgamynyň we süňkleriň berkligini goraýar, şeýle hem myşsalaryň işlemeginde we iýmit siňmeginde möhüm rol oýnaýar. Kiwi myşsalaryň we nerw ulgamynyň saglygyny sazlaýar, immun ulgamyny goldaýar. Her gün 2-3 sany kiwi iýseňiz, arteriýalaryň we gan damarlarynyň dykylmak howpuny azaltmak üçin ýeterlikdir.

Kiwi gözüň görşüni hem güýçlendirýär. Onuň düzüminde antioksidant lýuteini hem bar. Wagtyň geçmegi bilen, bedende bu maddanyň ýetmezçiligi ýüze çykýar, şonuň üçin onuň öwezini ýörite berhiz arkaly dolmak möhümdir. Kiwide lýutein we zeaksantin, gözi ultrofiolet şöhlelerinden, temmäki tüssesinden we howanyň hapalanmagyndan gorap bilýän antioksidantlar köpdür.

Mundan başga-da, kiwi deriniň ýagdaýyny gowulandyrýar. Onuň düzüminde C, E, K witaminleri bar. C witamini kollagen önümçiligine gatnaşýar. Derini has ýylmanak we ýumşak edýär. C witamini deriniň ýüzündäki ýaralaryň bitişmegine hem ýardam edýär. Kiwi uly ýaşly adamlaryň ukusynyň sazlanmagyna oňyn täsir edýär.

Ogulmähek AŞYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
hindi dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok