Giňdir dünýe – geňdir dünýe

TEBIGY ÝANGYJYŇ TÄSIN ÇEŞMESI

Ýaponiýanyň awtoulag hyzmatlaryna ýöriteleşen «Nishida Shoun» kompaniýasy bioýangyç öndürmek üçin ýapon milli nahary bolan remen çorbasyny peýdalanmagy teklip edýär. Örän ýagly hasap edilýän bu çorbanyň galyndysynyň köp gezek peýdalanylan ösümlik ýagy bilen garyşdyrylmagynyň netijesinde, tebigy ýangyç öndürmegiň tehnologiýasy işlenip düzüldi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Masumi Nişida häzirki wagtda 2 müňe golaý jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryndan galyndy ýaglary satyn almagy ýola goýdy. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, her gün 3 — 7 müň litr ýangyç öndürilýär. Ol kompaniýa degişli 170 ulagyň ýangyja bolan talabynyň 40 göterimini üpjün edýär.

IŇ HOWPLY AGAÇ

«Mansinella» diýlip atlandyrylýan agaç Ýer ýüzünde iň howply daragt hasaplanylýar. Bu agaç Karib basseýniniň kenarlaryndaky ýurtlarda, Antil we Bagam adalarynda, günbatar Hindistanyň kenarýaka ýerlerinde ösýär. Mansinellalar örän zäherli bolandygy üçin olaryň ösýän ýerleri ýörite bellikler bilen araçäklendirilendir. Süýde meňzeş zäherli şiresi mansinellanyň ähli böleklerinde, ýagny, ýapraklarynda, kökünde, güllerinde, hatda kiçijik alma meňzeş miwelerinde hem bolýar. Ol 16 metre çenli boý alýar. Agajyň depesinde gür ýerleşen şahalary bolup, käwagt güýçli şemalyň netijesinde üýtgeşik görnüşi emele getirýärler. Bu agaçlar hemişe gök öwüsýän ösümlikleriň hataryna girýärler.

Enejan NURMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
hytaý dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok