Ýurdumyzda güýzki bag ekiş möwsümine badalga berildi

Şu gün Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda bu möhüm ähmiýetli çäräniň güýzki möwsümine badalga berildi.

Mälim bolşy ýaly, 1998-nji ýyldan bäri Aşgabat şäheriniň töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklaryny, seýilgähleri döretmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli ýurdumyz boýunça 200 müň gektardan gowrak meýdanda 150 milliondan gowrak dürli bag nahallary ekildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2013-nji ýyldan başlap, ekologiýa taýdan wajyp bu işler Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýeterlik tejribe toplandy. Soňky ýyllarda, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, ygallaryň mukdarynyň az, gyş paslynda howanyň sowuk, tomusda ýokary derejede yssy bolmagyna görä, ekilen baglaryň kadaly ösmegi üçin olaryň suwy az talap edýän, ýerli toprak-howa şertlerimizde durnukly ösmäge ukyplylaryny saýlamaga ylmy esasda çemeleşilýär, bölünip berilýän ýerleriň ýagdaýy doly öwrenilip, işleriň taslamalar esasynda guralmagy ýola goýulýar.

Selbi ANNAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok