Türkmenistanda ykjam telefonlar üçin “Sanly kart” bank hyzmaty döredildi

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda müşderiler üçin amatly şert döretmek maksady bilen “Sanly kart” programma üpjünçiligini işläp taýýarlady. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 2-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bu programma üpjünçiligi NFC we QR-kod tehnologiýalaryny ulanmak arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny geçirmäge niýetlenendir.

Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ykdysadyýetiň pudaklarynda hem giňden ornaşdyrylan sanly ulgam we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen birnäçe toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň karz edaralarynyň hasaplaşyk-töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Azat Nedirow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok