Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler

Şu ýylyň 16 – 18-nji noýabry günlerinde Türkmenistanyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçiriler. Bu forum Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky birinji sammitiniň barşynda öňe süren başlangyjyna laýyklykda guralar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görýärler.

Foruma Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenleriň, talyp we meýletinçi ýaşlaryň, şeýle hem HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýaş wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň gün tertibine ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze mazmunly formatyny ýola goýmak, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň durnuklylygy, bilim, ylym, innowasiýalar, medeniýet we sungat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň toplan baý tejribesi öwreniler, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde ýaşlaryň orny bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň festiwalyny guramak hem meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu forumyň ýaşlar syýasaty babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýet bolar.

Begenç ÖWEZOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok