Halkara teatr festiwalyna taýýarlyk görülýär

Şu ýylyň 14 – 16-njy noýabry günlerinde Aşgabatda geçiriljek «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala Azerbaýjanyň döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň wekilleri gatnaşar.

Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler.

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy bolar.

Rakyp HAJYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok