“Dragon Oil” kompaniýasy 2027-nji ýylda Türkmenistanda gazyň nul derejede ýakylyşyna geçmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Ali Raşid Al-Jarwan habar berdi. Ol şeýle hem bu çäräniň uglewodorodlaryň çykarylyşyny ekologiýa taýdan howpsuz etjekdigini nygtady.
«Häzirki wagtda biz çykarýan gazymyzyň 70 göterimini ulanýarys, emma üç ýyldan biz 100 göterim derejä çykmagy meýilleşdirýäris. Bu bolsa Türkmenistanda uglewodorod çykaryşymyzy ekologiýa taýdan arassa eder» diýip, Ali Raşid Al Jarwan 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
“Dragon Oil” emirlikler kompaniýasy ýakynda Türkmennebit bilen hyzmatdaşlykda käniň 3D gözden geçirilişini tamamlady. Bu çäre galyndylaryň çäklerini has anyk kesgitlemäge we buraw nokatlaryny oturtmaga ýardam edýär diýip, kompaniýanyň baş direktory nygtady.
Oguljan AMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler