Beýik küştçi

Türkmen halkynyň taryhynda yz goýan şahslar köp. Olaryň biri hem IX-X asyrlarda ýaşap geçen meşhur türkmen küştçüsi, as-Suly ady bilen tanalýan Abu Bakr Muhammet ben Ýahýa as-Sulydyr. Ol Balkan sebitinde ýaşan türkmenleriň sul taýpasyndan bolupdyr. As-Sulynyň neberesi Gürgende ýaşapdyr.

As-Suly ömrüniň köp bölegini, şol döwürde musulmançylygyň merkezi bolan Bagdat şäherinde ýaşapdyr. Arap halyflygynyň halyfy bolan al-Mukdafynyň örän janköýerlik edýän küştçüsi, deňi-taýy ýok hasap edilýän al-Mawerdini ähli oýnalan döwlerde ýeňmegi as-Sula uly şöhrat getiripdir. Araplaryň arasynda oňa “Beýik küştçi” diýipdirler. Halyf al-Rady küşt oýny boýunça as-Suludan tälim alyp, ony öz dosty hasap edipdir. Bu halyf, köşk meýlislerine kimleri çagyrylmalydygyny kesgitlemegi dosty as-Sula tabşyrar eken. Halyf al-Rady as-Sulynyň küşt oýnaýşyndan uly lezzet alypdyr.

As-Sula kyrk ýyl töweregi küşt oýny boýunça taý bolmandyr. Onuň sadranç (şol döwrüň küşt oýny) boýunça düzen meselesini diňe müň ýyldan soň rus grossmeýstri Ýuriý Awerbah gutarnykly çözüp bilipdir. As-Suly arap halyfatlygynyň halyflarynyň terjimehaly, taryh, edebiýat we küşt oýnuny kämilleşdirmek barada onlarça kitap ýazypdyr. Onuň Bagdatda hususy kitaphanasy bolupdyr. Beýik türkmen küştçüsi Abu Bakr Muhammet ben Ýahýa as-Suly 946-njy ýylda dünýäden ötüpdir. Häli-häzir hem oňat oýnaýan küştçiniň oýny barada “as-Sulynyň oýnaýyşy ýaly” diýmek küştçüleriň arasynda ýaýrapdyr.

Ýurdumyzda meşhur türkmen küştçüsiniň sarpasy belent tutulyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki “Ylham” seýilgähinde as-Sulynyň heýkeli oturdyldy.

Emine ERJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
hytaý dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok