Aýdyň maksatlar bilen aýdyň ösüşlere

Berkarar ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda barha rowaçlanýan, uly üstünlikler bilen batlanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny iň bir girdejili pudaga öwürmek, olary ylmy esasda ösdürmek babatda ençeme işler ýola goýulýar. Berkarar döwletimiziň ösüşlerine özleriniň zähmet üstünliklerini bagyşlaýan türkmen halkymyzyň belent ruhy, halal zähmeti ata Watanymyzyň bagtly geljegini kepillendirýär hem nurlandyrýar. Berkarar döwrümiziň beýik işlerinden şöhratlanýan pudaklarda möhüm ähmiýetli iri taslamalar amala aşyrylýar. Bu babatda oba hojalyk pudagynda hem netijeli başlangyçlara badalga berilýär, suw serişdelerini aýawly saklamak, biodürlüligi goramak, ekologiýa abadançylygyny berkarar etmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenen.

Möhüm ähmiýetli bolan taslamalaryň hatarynda Garagum sährasynyň merkezindäki gidrotehniki desga bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu köl pudakda uly ähmiýete eýe, ol ekologiýa we durmuş babatda hem örän wajyp taslamadyr. Zeýkeşleriň suwlaryny gaýtadan ulanmak meselesini çözmäge gönükdirilen bu ägirt uly taslama Türkmenistan ýurdumyzyň daşky gurşawa aýawly çemeleşýändiginiň aýdyň mysalydyr. Onuň netijesinde ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suwuň ätiýaçlyk goruny döretmeklik amal edilýär. Tebigy taýdan arassalamagyň hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde suwy obasenagat toplumynda, täze ýerleri özleşdirmekde, öri meýdanlaryny giňeltmekde, ekin meýdanlaryny suwarmakda we tehniki maksatlar üçin ulanmak mümkinçiligi gazanylýar. Tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýasyna oňyn täsir edýän bu taslama hemmetaraplaýyn babatda möhümdir. Çünki ýurdumyzda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak zerur ugurlaryň hatarynda goýulýar. Suw serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, täze pudaklaýyn desgalary, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn çemeleşilýär, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişi hem-de ýerli toprak-howa şertleri göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyz “Suw diplomatiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna daýanyp, suw gorlaryny tygşytlamaga hem-de bu pudagy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmäge degişli oňyn netijeleriň gazanylmalydygyny hemişe nygtaýar. Bu ugurda ylmy institutlaryň, oba hojalyk hünärmenleriniň we ýaş alymlaryň alyp barýan ylmy-barlag işleri bilen möhüm orny eýeleýär. Şeýle anyk maksatlaryň amal edilmegi bolsa suw serişdelerini aýawly saklamaga, biodürlüligi goramaga we ekologiýa abadançylygyny ýola goýmaga doly esas döredýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok