Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her gününi göwün göteriji ajaýyp wakalar, hoş habarlar bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň 2-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendigi barada bu guramanyň Baş direktorynyň çözgüdiniň yglan edilendigi hakyndaky hoş habar hem tutuş halkymyzy buýsandyrdy. Bu habaryň Şäherleriň bütindünýä gününde gelip gowuşmagy hem uly mana eýedir.
Soňky ýyllarda biziň döwletimiz BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek ugrundaky işe hem 2021-nji ýylda girişildi.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bu abraýly guramanyň degişli düzüm birlikleri we komitetleri, onuň halkara hünärmenleri bilen bilelikde uly işleri amala aşyrdylar. Şeýlelikde, geçen ýyllaryň dowamynda halkara jemgyýetçilik Aşgabat şäherini dünýäniň iň gözel, ajaýyp, tehnologik taýdan ösen şäheri hökmünde ykrar etdi. Paýtagtymyzyň häzirki zaman halkara urbanistika kadalary esasynda ösýändigi aýratyn bellenip, oňa ýokarda agzalan hukuk derejesi berildi.
Ak mermer lybasly gözel Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllarky tutanýerli zähmetiniň, ýurdumyzyň ýüregi gözel paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek ugrundaky uly tagallasynyň miwesidir.
Mekan ŞAMSIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk
fakultetiniň Önümçiligiň we tehnologiýa
prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler