Ýertudana barada gyzykly maglumatlar

– Ýertudananyň daşky gabygy gaty inçe bolýar. Şonuň üçin ony iýjek wagtyň ýuwmaly. Ýertudana öňünden ýuwlanda, onuň gorag gatlagy ýitip, çalt zaýalanmak bilen bolýar.

– Ýertudana dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly ösdürilip ýetişdirilýär. Dünýä boýunça onuň 300-e golaý görnüşi bar.

– Ýertudana tohumy içinde däl-de, daşynda ýerleşýän az sanly ösümlikleriň biridir. Bir miwede ortaça 200 töweregi tohum bolýar.

– Ýertudananyň bary-ýogy 100 gramyny iýseňiz, bedeniňiz gündelik talap edýän C witaminini alýar.

– Ýertudanany ýetişdirmekde Kaliforniýa öňdebaryjy hasaplanylýar. Bu döwlet ýylda, takmynan, 1 milliard miwe ýetişdirýär. Bu miwäniň hil we tagam taýdan iň gowusy Angliýada ösdürilip ýetişdirilýär.

– Belgiýada ýertudana bagyşlanan ýörite muzeý açyldy.

– Ýertudana bedeniň holesterin derejesini kadalaşdyrmaga kömek edýär we antioksidantlara baý bolansoň, ol ýürek keselleri üçin hem peýdalydyr.

– Öňler ýertudanany dürli keselleri bejermek üçin ulanypdyrlar. Aýratyn-da, ony gyzzyrma, aşgazan, kellagyry kesellerinde, hatda depressiýanyň bejergisi hökmünde hem ulanylandygy bellenildi.

– Ýertudana kosmetiki maksatlar üçin hem işjeň ulanylýar.

– Käbir döwletlerde ýertudananyň doly bişip ýetişmedik görnüşi duzlanyp gaplanýar.

– Alymlaryň bellemeklerine görä, ýertudana beýninň işjeňligini artdyryp, ýatkeşligiňi gowulandyrýar we beýni öýjükleriniň wagtyndan öň garramagynyň öňüni alýar.

Süleýman JAPAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok