Hozuň maňzynyň adamyň saglygy üçin peýdalydygy gadymy döwürlerden bäri bellidir. Meşhur alym we lukman Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň eserlerinde hem hozuň peýdasy barada aýdylýar. Ol hoz maňzyny zäherlenme zerarly bedene zyýan ýetende ulanmagy maslahat beripdir. Muhammet Hüseýiniň «Melhemler hazynasy» atly eserinde: «Hoz bedeni ýumşadýar, aşgazanda iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär, beýnini, ýüregi we bagry berkidýär» diýip bellenilip geçilýär. Türkmen halk lukmançylygynda hem bişmedik hoz we onuň dermanlyk şiresi peýdalanylypdyr.
Hoz gymmatly dermanlyk ösümlik hökmünde-de örän ir döwürlerden bäri bellidir. Gündogaryň beýik lukmany Abu Ali ibn Sina hozuň owradylan maňzyny bal bilen garyp, inçekeseli bejermekde peýdalanypdyr. Ol öz işlerinde: «Hozy, injiri we porsuja oty iýmek ähli zäheriň garşysyna dermandyr» diýip belleýär. Muhammet Gaýmaz Türkmen «Pygamber tebipçiligi» atly işinde hozuň miwesiniň ary baly bilen garylyp ulanylanda, bokurdak agyryny aýyrýandygyny belleýär. Halk lukmançylygynda hozy aşgazan, içege, süýji kesellerini, ýürek, gan-damar, rahit kesellerini bejermekde-de peýdalanýarlar.
Ýurdumyzda bu agajyň bir görnüşi duşýar. Oňa grek hozy diýilýär. Uzak ýaşaýan agaçlaryň hataryna girýän grek hozy beýleki hozlardan peýdalydygy bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde A, E, B, C, K witaminleri, sink, ýod, demir bar. Grek hozy belogyň, gymmatly ösümlik ýaglarynyň çeşmesidir. Alymlar her gün grek hozuny iýýän adamlaryň ýürek kesellerinden az ejir çekýändigini, infarktyň we insultyň ösmek töwekgelçiliginiň pesdigini aýdýarlar.
Gülnabat TOÝMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.
Teswirler