Kitap — dürdäne sözlerden bina edilen köşk. Bu köşge seýran etmek — ömre many çaýmak. Şonuň üçin halkymyz kitaba aýratyn sarpa, keramat, mukaddeslik hökmünde garaýar. Kitap biziň dem alýan howamyz, gündelik azyk-owkadymyz bolan çörekdir suwumyz ýaly iň esasy zerurlyk bolup durýar.
Biz geçmişiň beýanyny, taryhyň kyssasyny, şu günüň, geljegiň umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Bu bolsa bir tokga altyn ýa-da dür tapan adamyň bagtlylygyndan kem duýgy däldir. Kitap sahypalarynda biziň duýgularymyzy joşguna salýan söhbetler, aklymyza röwşenlik çaýýan paýhaslar, maksatlary myradyna tarap öňe ilerledýän pähimler umman bolup tolkun atýar.
Kitabyň keremi, keramaty, gudraty, jadysy, täsiri dogrusynda aýdylan pähim-paýhas, öwüt-ündew juda kän. Çünki kitap iň ähmiýetli, älem-jahan hazynasyna çalşylmaýan pähim-paýhas baýlygyny özünde jemleýär. Onuň şeýdasy bolanlar iň bagtly ynsanlardyr. Munuň şeýledigine kitaphanamyza gelip, bir pursat kitaba berlip, ruhuny baýlaşdyrýan ýaş nesillerden başlap, ýaşulularymyzyň ýüzlerine çaýylan bagtlylyk, parasatlylyk nuruny synlanymyzda hem göz ýetirýäris.
Kitap hakynda pelsepe, oňa bolan duýgy hiç haçan gutarmaýar. Çünki kitap danyşmentleriň, akyldarlaryň, filosoflaryň durmuş ýollarynda kebşirlenilip, paýhas eleginden elenip, ýürek sözünden süzülip, bize miras galan pähim-parasatdyr. Ol asyrlaryň arzuwlaryny egnine alan, ertire bolan ynamyň, umydyň ýagty çyragyny söndürmeýän gudratdyr.
Jennet BAÝLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyby.
Teswirler