Ynsan ganynyň haýsy topara degişlidigi esasynda adamyň häsiýetiniň köp aýratynlyklaryny öwrenmek bolýar. Ýapon alymy P.Nomi tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleriniň subut edişi ýaly, ganyň topary adamyň häsiýetini we hususy aýratynlyklaryny köp derejede kesgitleýär.
I topar ganly adamlar köplenç öňbaşçy bolmaklyga dalaş edýärler, olar öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin jan çekmegi başarýarlar, öňe tarap hereket etmek üçin ugur saýlap bilýärler. Bu adamlaryň gowşak tarapy olaryň gabanjaňlygynda we biynjalyk hereketjeňligindedir, şeýle hem özlerine aşa göwünleri ýetip, duýgularyny gereginden artyk ýüze çykarýanlygyndadyr.
II topar ganly adamlar ylalaşykly, asuda we tertipli durmuşy saýlap alýarlar, beýleki adamlar bilen sylanyşykly işlemekligi başarýarlar, köplenç öňbaşçy bolmaklyga çalyşýarlar, olar örän duýgur, çydamly, geçirimli we açyk göwünlidirler. Olaryň gowşak taraplaryndan gönümelligi, hötjetligi we dartgynly ýagdaýdan soň haýal köşeşýänligi bellemäge mynasypdyr.
III topar ganly adamlaryň aglabasy pikiri we hereketi boýunça öz şahsy bähbidini jemgyýetiň bähbidinden ýokary tutýan, özdiýenli, diňe özi üçin ýaramly zatlary edýän, üýtgäp durýan çeýe häsiýetli, howaýylyga ymtylýan adamlar bolýar. Emma özbaşdaklyga höwesi kähalatlar hetdenaşa bolup, olary duzaga düşürip biler.
IV topar ganly adamlar ümsüm, adamlaryň göwünlerini tapmagy başarýan, sypaýy we adalatly häsiýete eýedirler. Wagtal-wagtal olar örän gyzma bolýarlar, mundan başga-da çözgüt kabul etmek belli bir karara gelmekde ýaýdanjaňlyk edip, köplenç kynçylyga uçraýarlar.
Adamyň we zähmetiň biri-birine mynasybetligini öwrenmek, olaryň ornuna we ähmiýetine baha bermek üçin esasan, iki sany çemeleşme ulanylýar. Birinji çemeleşmede kesgitli işi ýerine ýetirmeklik üçin adam saýlanyp-seçilip alynýar; munuň özi dolandyryşyň ýewropa usulyna mahsusdyr. Ikinji çemeleşme adam üçin onuň mümkinçiligine we islegine görä işiň saýlanyp-seçilip alynmagyny göz öňünde tutýar; munuň özi dolandyryşyň ýapon usuly üçin häsiýetlidir.
Her bir adam üstünlik gazanmaga tarap öz mümkinçiligine görä hereket edýär. Üstünlik – irginsiz köp yhlas siňdirilip ýetilen maksatdyr. Üstünlik gazanmagy başarýanlara gulluk basgançaklary boýunça täze wezipeleri ynanyp, olara goşmaça hukuklary we ygtyýarlyklary bermek özüni ödeýän we wagtyň synagyndan geçen maksadalaýyklykdyr.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Hudaýar ŞAKIROW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler