Agaçlary yşyklandyrmagyň häzirki zaman usullary

Dynç alyş ýerlerinde landşaftlary bezemekligiň, olara ajaýyp görnüşleriň berilmeginiň iň gowy usullarynyň biri hem agaçlaryň yşyklandyrylmagydyr.

Islendik bezeg işlerinde  garaňkyda göze görünmeýän agaçlara ýokary derejede üns berilýär. Gozganmaýan emlägiň we ekişleriň özüne çekijiligini saklamak üçin agaçlaryň aýratynlyklaryna ýüz tutýarlar, bu bolsa bezeg işleriniň esasy pursatlarynyň köpüsini bellemäge rugsat berýär.

Baglary, seýilgähleriň agaçlaryny yşyklandyrmak birbada iki meseläni çözýär:

– Ýollarda ýalňyşman, dogry ugrukdyrylmak üçin
– Estetiki bezeg hökmünde ulanylýar.

Agaçlary dürli usullar bilen yşyklandyryp bolýar, ýöne iň köp ýaýran üç ugur beýleki görnüşlerden tapawutlandyrylýar.
– Agaçlar şöhleli çyralar we lampalar ýaly çeşmeleriň kömegi bilen yşyklandyrylýar. Agaçlary yşyklandyryjylar köplenç ýerde gizlenýär, onuň esasy maksady çyglylykdan, ýagyşdan goranmak üçindir.
– Agaçlary yşyklandyryjylar ýapraklaryň aşagyna berkidilýär. Bu maksat bilen dürli reňkli şöhlelenýän ýapraklary görmek bolýar.
– Agaçlary yşyklandyryjylar gülleriň içine berkidilýär. Bu maksat bilen gijelerine dürli reňkli ýanýan gülleri almak we owadan landşaftlary döretmek mümkinçiligi döreýär.
Birinji ýagdaýda bu enjamlar gönüden-göni ýere, ýakyn töwerekdäki binalara ýa-da magistrallara birleşdirilip bilner. Galanlarynda işleýän agaja yşyk diodly gül dakylýar.

Yşyklandyrma iki hili bolýar.
– Içerden yşyklandyryş
– Daşardan yşyklandyryş

Käwagt içerden yşyklandyryş usullary ulanylýar. Yşygyň düýbi gyrymsy agajyň merkezinde ýa-da bezeg şahalaryň birinde ýerleşdirilýär. Beýle ýagdaýda tutuş agaç yşyklandyrylman aýry-aýry bölekleri ýagtylandyrylýar.

Ulanyş aňsatlygy boýunça “spike” lampalary meşhurlyk gazandy. Olaryň agaja ýapyşýan ýiti ýüpjagazlary bar. Spike çyralary gaty uly bolmadyk ösümlikleri yşyklandyrylmaga ukyply, uly agaçlaryň bolsa belli bir böleklerini şöhlelendirmäge ukyply. Beýle lampalar oturyşyklarda, dabaralarda ulanylýar.
Agaçlar yşyk-diodly indikatorlar bilen yşyklandyrylanda miwäniň şöhle çykarýan hyýalyny döredýär. Yşyk diodly indikatorlar aşakdaky häsiýetleri bilen tapawutlanýar.
– Uzak wagtlap hyzmat ediji
– Elektrik toguny tygşytlaýjy
– Howa ýagdaýlaryna çydamly
– Islendik dizaýnerleriň hyýalyny durmuşa geçiriji hasaplanýar.

Sanawda görkezilen ýagtylyk çeşmeleriň haýsydyr biri bilen agaçlaryň dogry şöhlelendirilmegi  uly we kiçi şäherleri, şäher seýigählerini, mülk ýerlerini bezemegiň ajaýyp usulydyr. Şol bir wagtyň özünde ajaýyp bezeg sungaty hasaplanýar.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agroekologiýa hünäriniň
4-nji ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok