«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýylda Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl bolýar. Türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilipdi. Şol ajaýyp sene ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhynda täze döwrüň başlandygyny alamatlandyrdy. Geçen 30 ýylyň dowamynda manat halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.
Ykdysadyýetde ekwiwalent birlik bolan milli manadymyz 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi we Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan şu ýyl oňa 30 ýyl bolýar.
2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirilip, täze özgertmelere badalga berildi. Şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzda milli manadyň satyn alyp bilijilik ukybyny durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, bank ulgamyna dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, manadyň hümmetini ýokarlandyrmak, netijeli maliýe gurallaryny işläp düzmek ýaly köpugurly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär we bu häzir hem dowam edýär.
Bir söz bilen aýtsak, şu gün dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýan türkmen milli manady diňe bir ykdysady kuwwatymyzyň görkezijisi däl-de, eýsem, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de parahatçylyk söýüjiliginiň, milli erkinligimiziň mukaddes nyşanydyr.
Goý, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Mähri ÇARYÝAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler