Türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygyna

Şu gün türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar. Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýan manadyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmeginde, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny we netijeli bank işini alyp barmakda wajyp orny eýeledi. Çünki bu hereketlendiriji maliýe guraly, bank ulgamynyň işiniň ýokarlanmagyna we tutuş ykdysadyýetiň üstünlikli ösmegine netijeli ýardam berýär. Netijede, türkmen milli manady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez nyşanyna öwrüldi. Häzirki wagtda milli manadymyz ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan, Garaşsyzlygymyzy, döwletliligimizi şöhlelendirýän özboluşly nyşanlaryň biri hökmünde göz öňümizde janlanýar. Geçen 30 ýyllyk taryhy ýol ýurdumyzyň maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüşlere we amala aşyrylan ajaýyp özgertmelere şaýatlyk edýär. Şunda ýurdumyzda amala aşyrylan maliýe syýasatynyň ähmiýetiniň uly bolandygyny-da bellemek zerur.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döretdi».

Ösüşiň täze taryhy tapgyrynda bank işiniň döwrebap derejede ösmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler örän guwandyryjydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagy we kämilleşdirilmegi, bu ugurdaky işleriň geriminiň giňeldilmegi, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullarynyň, innowasion tehnologiýalarynyň bank işine giňden ornaşdyrylmagy, şeýle-de milli manadymyzyň hümmetiniň durnukly saklanmagy babatda buýsanmaga mynasyp tagallalary edýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň pul-karz syýasatynyň yzygiderli kämilleşmeginde, bank ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanmagynda uly ähmiýete eýedir.

Oguljeren BEGLIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok