Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen sanlylaşdyrylýar we innowasion ykdysadyýet kemala getirilýär. Diýarymyzda bu ugry ösdürmek boýunça onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär we maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu babatda amala aşyrylýan özgertmeler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle resminamalaryň hatarynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem bar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda öňde duran durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.

Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn hem ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir.

Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan täze sanly önümleriň iş ýüzünde giňden ulanylýandygy bellärliklidir. Olar ulanyş babatda özleriniň hili we amatlylygy boýunça daşary ýurtlaryň sanly önümlerinden birjik-de pes durmaýar.

Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda dolandyryş, pudaklaýyn, işewür düzümleri, önümçilik we söwda ulgamlaryny, medeni-durmuş pudaklaryny, raýatlaryň durmuşyny öz içine alýar. Bular öz artykmaçlyklaryny görkezip, bar bolan kuwwaty doly durmuşa geçirmäge goşmaça mümkinçilik berýär, şeýle hem bilimiň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini hem-de anyk netijelere ýetilmegini şertlendirýär.

Mähri ANNALYÝEWA,
Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok