Türkmenistanyň milli pul birliginiň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen manadynda beýik akyldar şahyrymyzyň nurana keşbiniň öz çeper beýanyny tapmagynyň örän çuň baý mazmuny özünde jemleýändigi barada söhbet etmeklik biz ýaşlar üçin diýseň ýakymlydyr.
Mundan 30 ýyl ozal – 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen türkmen milli manady babatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda geçirilen denominasiýa täze nusgadaky milli pul birliginiň kabul edilmeginde we milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmeklikde, dünýä ykdysadyýetine has çalt, sazlaşykly girmeklikde biçak uly ähmiýete eýe boldy. Milli Liderimiziň pähim-paýhasy bilen, milli pul birligimiziň häzirki hereket edýän nusgasynda beýik taryhy şahsyýetlerimiziň şekilleri bilen bir hatarda, türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şekiliniň ýerleşdirilmegi ýöne ýerden däldir. Çünki, pul birligi bazar ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň hereket edýän töleg serişdesi. Magtymguly atamyz bolsa, milli ykdysadyýetiň bazardan üzňe bolup bilmeýänligini, ykdysadyýetiň gazananyny, ykdysadyýetiň mundan buýanky ösüşini bazaryň kesgitleýändigini, bazaryň milli ykdysadyýetiň kepili, özeni, ýüregi bolup durýandygyny «Mal ýagşy»[1] atly şygrynyň:
Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
Ondan ki bir, güwläp ýatan çöl ýagşy – diýen, «Elde bar bolmasa»[2] atly goşgusynyň:
…Otly, suwly tamug ondan ýagşydyr,
Her ülkäniň bir bazarybolmasa – diýen ajaýyp şahyrana setirlerinde örän çeper beýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Milli Liderimiziň: «Halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr.» – diýip örän jaýdar bellemeginiň özünde, diýseň uly many bar. Çünki, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň on alty ýylynyň içinde 80-den gowrak ýurt bilen daşary söwda-ykdysady gatnaşyklaryny amala aşyranlygy barada «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda beýan edýän bolsa, 2010-njy ýylyň ahyrynda, milli pul birligimize denominasiýa geçirilenden soňra, bu görkezijiniň iki esseden-de artanlygyny, ýagny 164-den gowrak döwlete ýetenligini beýleki bir kitabynda, biz ýaşlara peşgeş beren «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly okuw gollanmasynda nygtaýar. Munuň özi Magtymguly atamyzyň «Pynhan eýlär»[3] atly şygrynda:
…Bir ýurduň bazary gyzsa,
Her bir adam dükan eýlär – diýip,
örän rast belländiginiň aýdyň subutnamasydyr. Diýmek, pul birliginiň töleg serişdesi hökmünde hereket edýän bazary Beýik Magtymguly atamyzyň döredijiliginde möhüm orun eýeläpdir. Çünki, şahyr halky ymykly, jebis millete öwrüp, merkezleşen bir döwleti edara etmekde çeper sözden daşgary-da bir durmuşy esasyň, başga-da bir bitewileşdiriji güýjüň gerekdigine akyl ýetiripdir we şol uly kuwwaty hut bazarda, beýik bazar gatnaşyklarynda görüpdir. Ol halk ýaşaýşyna oňyn täsir edýän bazaryň ýurduň ykdysadyýetini sazlaýjy guralydygyna akyl ýetirmeklik bilen birlikde, ýene şol bazaryň döwlet gurmagyň möhüm şertidigine doly düşünipdir hem-de onuň milli jebisligi ýola goýjak real güýçdigine hem aň ýetiripdir. Ine, şunuň özi bolsa, beýik Pyragynyň ykdysady weliligidir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Biziň halkymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky pikirlerine uýup, millet hökmünde özüniň bir bitewiligini saklap galmagy başarypdyr. Onuň çuň pelsepesine, şygryýet ummanyndaky ägirtligine uly hormat goýupdyr. Şeýle tämiz we dury akabadan gözbaş alyp, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýol-ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan döwletimizde amala aşyrýan işlerimizde, alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzda bu gün özüniň oňat netijesini berýär»[4] – diýip bellän parasatly taglymatyndan ugur alnyp, Magtymguly atamyzyň çeper şekillendirilen nurana keşbine eziz Watanymyzyň milli pul birliginde – gymmaty 10 manada deň bolan türkmen banknotynda orun berildi.
Türkmen halky milli pul birligini dolanyşyga girizenden soňra geçen, taryh üçin uzak bolmadyk 30 ýylyň içinde, öz türkmen manady bilen ýokary depginli ösüşlere eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň örän jaýdar belleýşi ýaly, mundan 30 ýyl ozal milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döretdi. Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar türkmen döwleti öz Garaşsyzlygyny gazanandan we milli manadyny dolanyşyga girizenden soňra, sarp ediji döwletden öndüriji döwlete, has dogrusy Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, bäsleşige ukyply önümleri öndürýän döwlete, ösüp barýan ýurtdan bolsa ösen döwletleriň hataryna ynamly goşulmaklyga mümkinçilik aldy.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda işlenilip düzülen «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, milli pul birligimiziň işjeňligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Munuň özi bolsa, halkymyzyň her bir raýatynyň eşretli hem bolelin durmuşyň, asuda hem abadan ýaşaýşyň, bagtyýar ykbalyň hözirini görüp, beýik Magtymguly atamyzyň arzuwlan ajap eýýamynda — Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýandygynyň aýdyň kepili bolup durýar.
Toýly JÄNÄDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni
[1] Seret: Magtymguly. Eserler ýygyndysy. II jiltlik. I jilt. Çapa taýýarlan A. Aşyrow. Aşgabat “Ylym” neşirýaty. 2013. 395-nji sahypa.
[2] Seret: Magtymguly. Eserler ýygyndysy. II jiltlik. I jilt. Çapa taýýarlan A. Aşyrow. Aşgabat “Ylym” neşirýaty. 2013. 436-njy sahypa.
[3] Seret: Magtymguly. II jiltlik. I jilt. Aşgabat “Ylym” neşirýaty. 2013. 344-nji sahypa
[4] Seret: Gurbanguly Berdimuhamedow. Ynsan kalbynyň öçmejek nury. Aşgabat. TDNG.2014. 17-nji sahypa.
Teswirler