Italýan sungat ussatlary türkmen talyplarynyň sungat eserleri bilen tanyşdylar

Duşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň prezidenti Jorjio Bartolomuççi, Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Alberto Anželo Dambruozo hem-de Italiýa Respublikasynyň ilçisiniň duşuşyk sapary boldy.

Myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy “Altyn fondy” muzeýinde görkezilen zehinli talyplaryň sungat eserleri bilen tanyşdyrylyp, ýokary okuw mekdebinde berilýän ähli hünärleriň alnyp barylyşy dogrusynda giňişleýin maglumat berildi.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda italiýaly myhmanlaryň gelmegi bilen bagly ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarymyzyň hem-de talyp ýaşlarymyzyň gatnaşmagynda häzirki zaman şekillendiriş sungatyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Alberto Anželo Dambruozonyň häzirki zaman şekillendiriş sungaty boýunça ylmy çykyşy hem-de  tanyşdyrylyşy görkezildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow türkmen şekillendiriş sungatynyň ösüş ýoluna bagyşlanan ylmy çykyşy bilen çykyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda pikir alşyldy we geljekki netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek maksady bilen Ähtnama gol çekildi.

Italýan sungaty özüniň gözelligi, gaýtalanmazlygy bilen baryp, antik döwürden bäri dünýäni haýrana goýup gelýär. Italýan şekillendiriş sungaty dünýä sungatynyň ösmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halklary ýakynlaşdyrýan medeniýeti we sungaty ösdürmekdäki alyp barýan parasatly döwlet syýasaty netijesinde  dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalanýar. Medeniýeti we sungaty sarpalaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz daşary döwletler bilen ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine giň ýollar açýar. Türkmen-italýan gatnaşyklarynyň taryhyna ser salanymyzda türkmen suratkeşleriniň Italiýada saparda bolmaklary we iki ýurduň arasynda online maslahatlaryň geçirilmegi tejribe gorlarynyň baýlaşmagyna getirýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama kabul edilmegi biziň ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlaryny has-da buýsandyrdy.

Italýan sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ilkinji gezek gelmekleri we häzirki zaman şekillendiriş sungatyny ösdürmekde uly goşant goşjak ýaş zehinli sungat ussatlarynyň hünär kämilliginiň artmagyna ýardam berer.

Geljekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem-de Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasy bilen binagärlik, dizaýn we şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdüriljekdigine berk ynanýarys.

Maýa HALYKBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok