Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soňra, konsert boldy. Onuň maksatnamasyny tanslar, aýdymlar, Sin operasyndan parça, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşan halklaryň etniki aýratynlyklaryny beýan edýän sazly kompozisiýalar düzdi.

Owadan egin-eşikler, milli sazlar, özboluşly ussatlyk bilen taýýarlyk görlen çykyşlar tomaşaçylara Hytaýyň gadymy we häzirki zaman ruhuny duýmaga, sungatyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän üýtgeşik horeografiýasyna we täsirli güýjüne baha bermäge mümkinçilik berdi. Artistler çykyşlarynda depginli tanslary, maşk usullaryny, çylşyrymly akrobatik hereketleri ussatlarça utgaşdyrmagy başardylar. Gyzykly we özüne çekiji çykyşlary bilen bütin dünýäni maýyl eden hytaýly sungat ussatlary türkmenistanlylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdiler hem-de tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

«Saçbagly köşk kenizleriniň tansy» kompozisiýasy beýik Tan nesilşalygy döwrüniň keşbini, güllerden we baglardan lezzet alýan dworýan zenanlarynyň durmuşyny janlandyrýar. He Iliniň ýerine ýetirmegindäki «Ýagty aý dogan pursady» atly aýdym tomaşaçylaryň agzybirlikli el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Onuň çuňňur çeper mazmuny özünde jemleýän owazy gadymy edebiýatçylaryň durmuş we tebigat baradaky pikirlerini beýan edýär. «Ak lentanyň tansy» owadan çykyşlaryň biri bolup, ol tomaşaçylara Tan nesilşalygynyň meşhur köşk sazyny we tansyny görkezdi.

Maýsa AGAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok