Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan açyk gapylar syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda doganlyk-goňşy döwletleriň medeni sergileri gurnalýar.
Sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň bilelikdäki syýahatçylyk festiwalynyň çäklerinde sergi açyldy.
Sergä gelen tomaşaçylary eýran we türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleri we syýahatçylygy bilen içgin tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Sergide aýratyn ünsüňi özüne çekýän eýran külalçylyk, halyçylyk, çeper metal, neçjarçylyk önümleri bolup, olarda ýerligiň nagyş bilen bezelmeginde gadymy eýran sungatynyň däplerine esaslanan taslamanyň usullary ulanylypdyr. Eserlerdäki haşam şertliligi şekilli suratlaryň häsiýetinde geň galdyryjy täzeligi duýmaga mümkinçilik berýär. Syrçaly mejimeler we käseler, küýzeler we güldanlar sudurlaryň çeýeligi we nepis nagyşlary bilen tapawutlanypdyr. Metaldan ýasalan önümlerde inçelik bilen çekilen ösümlik nagyşlary, pöwrize daşlardan edilen haşamlamany sazlaşykly ýerine ýetirilişine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Eýran Yslam Respublikasynyň “Ati” syýahatçylyk agentligi, “Misino” syýahatçylyk agentligi, “Ymam Homeýni Sari” bilim-bejeriş merkezi we Türkmenistanyň “Aýly syýahat”, “SAADA”, “Şowly syýahat”, “Bagtyýar dostlar”, “AZADY” syýahatçylyk kärhanalaryň wekilleri goňşy ýurtlaryň medeni mirasy, taryhy ýadygärlikleri, sagaldyş merkezleri bilen tanyş bolmaga ýardam edýär. Sergä gelen tomaşaçylar eýran milli tagamlary, milli aýdymlary we tanslary bilen tanyş boldular.
Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarda we talyp ýaşlarda örän uly täsir galdyrdy. Çünki bu sergide görkezilen eserler talyplarymyzyň nazaryýetde alan bilimlerini has hem berkitmäge, dünýä syýahatçylygy bilen tanyşmaga giň şertler döretdi.
Şatlyk Saparow,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň jemgyýeti öwreniş
kafedrasynyň mugallymy,
Ogulmaral Çarýarowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyňamaly-haşam sungaty
fakultetiniň talyby.
Teswirler