Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp brýan belent başlangyçlary netijesinde ähli ugurlar babatda oňyn ösüşlere eýe bolunýar. Türkmenistan ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biri-de täze tehnologiýalary doly özleşdirmäge, ylym-bilimde we tehnikada oňyn özgertmeleri gazanmaga, şeýle-de daşary ýurt dillerini okatmaklyga we netijede bolsa dünýä dillerini özleşdirmäge ukyply ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagyna gönükdirilen bolup durýar. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň häzirki zaman usulyýetleri bilim edaralaryna giňden ornaşdyrylýar, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen özara tejribe alşylýar.
Dil öwrenmek – dünýä ýüzüne çykmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýär, her bir özleşdirilen täze dil gündelik durmuşda köp sanly ýeňillikleri döredýär, täze medeniýetleri öwrenmäge itergi berýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň iň gowy usullarynyň hatarynda ýörite programmalar, elektron enjamlary, başga dildäki kinofilmlere tomaşa etmeklik, dürli medeniýetler bilen tanyşmak, ýa-da bolmasa öwrenmek isleýän diliňizde aýdymlary diňlemek, şeýle-de dürli dillerdäki kitaplary okamaklyga endik etmeklik daşary ýurt dilindäki täze sözleri öwrenmekde täsirli netijeleri berýär.
Döwletimizde alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasaty bu ugurda uly mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan Watanymyz ençeme halkara maslahatlaryň, iri forumlaryň, işewürlik duşuşyklarynyň, dürli maksatly çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezi bolmagynda galýar. Dünýä dillerini bilmeklik halkara hyzmatdaşlygynyň hem möhüm guraly bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde hereket edýän bilim merkezleri daşary ýurt dillerini çuňlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri olaryň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekmeklerine, halkara derejesinde guralýan ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmaklaryna, daşary ýurtlarda hünär hem bilim derejesini kämilleşdirmeklerine şert döredýär. Soňky wagtda dünýä dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanmalaryň has-da artmagy bolsa milli bilim ulgamynyň täze hil derejesine eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzda geçirilýän bilim, ylmy-taslama bäsleşikleri, halkara olimpiadalar, halkara sport ýaryşlary hem netijeli ähmiýete eýe bolup çykyş edýär. Kämil bilimli, daşary ýurt dillerini suwara bilýän, ylymly ýaş nesiller döwletiň güýji hem-de daýanjydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, aýdyň ertirleri, röwşen geljegi nazarlaýan döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Jahan SAPAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler