Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryndan kemala gelen Arkadag şäheri sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanýan kämil şäheriň nusgasydyr. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan bu ajaýyp şäheriň binalarynyň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi halkyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyna doly şaýatlyk edýär.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy.
Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.
Agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde hemişe uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Muhammetgurban ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler