Sanly bilim — sanly tehnologiýa

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler uly ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Sanly bilim ulgamy — munuň özi diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş ynsanyýetiň ýaşaýyş-durmuşynyň ýeňilleşmegidir. Sanly bilim ulgamy özünde elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary we sözlükler ýaly bölümleri jemleýär.

Bu ulgamy ösdürmekde, ilkinji nobatda, bilim dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, talyplaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir. Muny durmuşa geçirmek üçin, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bilim ojaklarymyzda sanly bilim portaly we elektron kitaphana portallary hereket edip, islendik ýokary okuw mekdebinde okaýan talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmäge uly goşant goşýar.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we bilim alýanlara elektron bilim hyzmatlary (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulýar. Bu ugurda ajaýyp mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Ogulbagt ATAJANOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Telekommunikasiýalar
fakultetiniň Köpkanally telekommunikasiýa
ulgamlary hünäriniň 2-nji talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok